[1] Reb Musa hem-de Haruna şeýle diýdi:
[2] «Ysraýyl halkyna aýt: „Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany.
[4] Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr.
[7] Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr.
[8] Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.
[9] Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ýüzgüçli hem teňňeli jandarlaryň islendigini iýip bilersiňiz.
[10] Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir.
[11] Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň.
[12] Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir.
[13] Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir: bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi;
[14] -
[16] çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri;
[17] -
[19] baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat.
[20] Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir.
[21] Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz.
[22] Olardan çekirtge görnüşlileri, çöl çekirtge görnüşlileri, jyzlan görnüşlileri, ýaşyl çekirtge görnüşlileri iýip bilersiňiz.
[23] Emma galan dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň bary siziň üçin nejisdir.
[24] Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
[25] Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.
[26] Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan siziň üçin haramdyr.
[27] Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
[28] Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.
[29] -
[30] Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr.
[31] Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
[32] Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.
[33] Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň.
[34] Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar.
[35] Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr.
[36] Muňa garamazdan, çeşme ýa-da guýy halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar.
[37] Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr.
[38] Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr.
[39] Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.
[40] Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.
[41] Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir.
[42] Siz garnynda süýşýän süýrenijileri, dört aýakly ýa-da köp aýakly süýrenijileri iýmeli dälsiňiz. Çünki olar siziň üçin nejisdirler.
[43] Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň.
[44] Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.
[45] Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».
[46] -
[47] Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr.