[1] Reb Musa şeýle diýdi:
[2] «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[3] Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň.
[4] Siz Meniň hökümlerime, parzlaryma eýerip, olary berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[5] Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.
[6] Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men Rebdirin.
[7] Öz ejeň bilen jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ol seniň ejeňdir, sen onuň bilen jyns gatnaşygyny etmeli dälsiň.
[8] Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma.
[9] Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun – parhy ýok, öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme.
[10] Öz ogluňdan bolan gyz agtygyň ýa-da öz gyzyňdan bolan gyz agtygyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki sen olary biabraý etmek bilen, özüňi-de biabraý edýärsiň.
[11] Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr.
[12] Öz ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň kakaňyň aýal doganydyr.
[13] Daýzaň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň ejeňiň aýal doganydyr.
[14] Öz gelnejeňe golaýlaşyp, onuň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň gelnejeňdir.
[15] Öz gelniň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň ogluňyň aýalydyr.
[16] Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň.
[17] Bir aýalyň hem özi, hem gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme; bir aýalyň hem özi hem gyz agtygy bilen jyns gatnaşygyny etme. Olar seniň mährem garyndaşlaryňdyr, bu azgynlykdyr.
[18] Aýalyň dirikä, onuň uýasyny oňa güni edip alma we onuň bilen jyns gatnaşygyny etme.
[19] Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme.
[20] Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme.
[21] Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.
[22] Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme, bu nejislikdir.
[23] Hiç bir erkek ýa-da aýal haýwan bilen jyns gatnaşygyny edip, özüni haram etmesin, bu azgynlykdyr.
[24] Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular.
[25] Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi.
[26] Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler.
[27] Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy.
[28] Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer.
[29] Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
[30] Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».