Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:22

[1] Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.

[2] Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.

[3] Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi: «Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim». Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy.

[4] Biz onuň taýyndygyny bilýäris, sebäbi Sabat güni hakda Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde: «Hudaý ýedinji gün ähli işini tamamlap dynç aldy» diýip ýazylandyr.

[5] Emma ýene ýokarda aýdylanlar gaýtalanýar: «Olar dynçlyk mekanyma asla girmezler».

[6] Şonda-da käbir adamlar üçin ol ýere girmäge henizem mümkinçilik bardyr, bu mekan hakda ilkinji eşidenler Hudaýa boýun egmändikleri sebäpli, oňa girmekden mahrum boldular

[7] Köp ýyllardan soňra Hudaý «Bu gün» diýen ýene bir güni belläp, bu hakda Dawut arkaly ozal aýdylyşy ýaly gepledi: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň».

[8] Eger Ýeşuwa olary dynçlyk mekanyna ýetiren bolsady, onda Hudaý mundan soň başga gün barada söz açmazdy.

[9] Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.

[10] Hudaý Öz işlerinden dynyp, nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlyk mekanyna giren adam hem öz işlerinden dynyp, şeýle dynç alýandyr.

[11] Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.

[12] Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.

[13] Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.

[14] Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.

[15] Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.

[16] Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.

Ýewreýler — Chapters