Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:50

[1] Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.

[2] Musanyň Hudaýyň öýünde sadyk hyzmatkär bolşy ýaly, Isa hem Özüni ruhanylyga bellän Hudaýa sadyk boldy.

[3] Öý guran adamyň öýe garanda has hormatly bolşy ýaly, Isa-da Musa garanda has beýik şöhrata mynasyp boldy.

[4] Her bir öý kimdir biri tarapyndan bina edilýändir, emma ähli zadyň binagäri Hudaýdyr.

[5] Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy.

[6] Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.

[7] Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,

[8] Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň. Olaryň Meni çölde synaýşy ýaly doňýürek bolmaň.

[9] Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de, ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler. Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim: „Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.

[11] Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».

[12] Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.

[13] Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.

[14] Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.

[15] Ozal aýdylyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz, Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň».

[16] Onuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi?

[17] Hudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi.

[18] Hudaý: «Olar dynçlyk mekanyma girmezler» diýip, kimler hakda kasam etdi? Özüne tabyn bolmaýan adamlar hakda dälmi näme?

[19] Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.

Ýewreýler — Chapters