Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:00

[1] Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär.

[2] Eger kämil edip bilýän bolsady, onda gurbanlyk hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki sežde edýänler günäden bir gezekde päklenenlerinden soň, olaryň wyždany günäleriniň päklenmegine gaýdyp mätäç bolmazdy.

[3] Emma ol gurbanlyklar her ýyl ynsanlara günälerini ýatladýardy.

[4] Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.

[5] Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; emma Maňa bir beden taýynladyň.

[6] Ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy Seniň göwnüňden turmady.

[7] Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy. Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“».

[8] Mesih ilki bilen Kanunyň talap edýän gurbanlyklary barada söz açyp, Hudaýa: «Sen gurbanlyk bilen sadakany islemediň, ýakma hem günä gurbanlygy-da göwnüňden turmady» diýdi.

[9] Soňra-da: «Ine, Men, Seniň islegiňi berjaý etmäge geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinji kanuny berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar.

[10] Biz bu isleg boýunça, Isa Mesih iň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.

[11] Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.

[12] Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.

[13] Şondan bäri hem Ol duşmanlarynyň aýak astyna salynmagyna garaşýar.

[14] Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi.

[15] Mukaddes Ruh hem bize bu hakda şaýatlyk edýär. Ilki bilen Reb şeýle diýýär:

[16] «Ol günlerden soň, Meniň olar bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunlarymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn».

[17] Soňra Ol: «Mundan beýläk olaryň günälerini, ýazyklaryny ýatlamaryn» diýýär.

[18] Diýmek, Hudaý günäleri bagyşlan bolsa, mundan buýana günä gurbanlyk hödürlemegiň geregi ýok.

[19] Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris.

[20] Isa Öz ölümi arkaly bize çadyrdaky içki tutudan geçýän we Hudaýa barýan täze ýaşaýyş ýoluny açyp berdi.

[21] Indi biziň Hudaýyň halkyna jogapkär beýik Ruhanymyz bardyr.

[22] Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.

[23] Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.

[24] Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.

[25] Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.

[26] Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.

[27] Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr.

[28] Musanyň kanunyny ret eden adam iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen rehimsiz öldürilýärdi.

[29] Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesih iň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?

[30] Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».

[31] Hawa, diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!

[32] Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-‑jepalara döz gelipdiňiz.

[33] Siz bir tarapdan, hemmeleriň öňünde kemsidilmelere we muşakgatlara sezewar edildiňiz, beýleki bir tarapdan, şeýle ýagdaýa uçranlaryň derdini deň çekişdiňiz.

[34] Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.

[35] Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr.

[36] Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.

[37] Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ýene az salymdan şol Geljek hökman geler, eglenmez.

[38] Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».

[39] Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.

Ýewreýler — Chapters