Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:02

[1] Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi?

[2] Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?

[3] Ýa-da siz suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigip, indi Onuň ölümine şärik bolýandygymyzy bilmeýäňizmi?

[4] Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesih iň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.

[5] Biz Mesih iň ölüminde Onuň bilen birigen bolsak, onda direlişinde-de Onuň bilen birigeris.

[6] Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.

[7] Ölen adam günäniň ygtyýaryndan azatdyr.

[8] Eger biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys.

[9] Biz Mesih iň ölümden direlip, asla ölmejekdigini, ölümiň indi Oňa öz hökümini ýöredip bilmeýändigini bilýäris.

[10] Isa Mesih Öz ölümi arkaly günäniň ygtyýaryny müdimilik ýok etdi. Onuň häzirki ýaşaýşy bolsa diňe Hudaýyň şöhraty üçindir.

[11] Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.

[12] Siz pany teniňiziň günäli höweslerine eýermez ýaly, günäniň öz teniňize höküm sürmegine ýol bermäň.

[13] Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.

[14] Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.

[15] Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!

[16] Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?

[17] Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,

[18] günäniň ygtyýaryndan azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz.

[19] Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.

[20] Siz günäniň gullarykaňyz, dogrulygy berjaý etmekden azatdyňyz.

[21] Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.

[22] Ýöne indi günäniň ygtyýaryndan azat edilip, Hudaýyň guly bolduňyz. Munuň netijesi halal ýaşamaklyk, soňy bolsa baky ýaşaýyşdyr.

[23] Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.

Rimliler — Chapters