Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:39

[1] Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, atamyz Ybraýym babatda näme aýdyp bileris?

[2] Eger Ybraýym Hudaýyň nazarynda ýagşy işleri arkaly aklanan bolsa, onda, dogrudan-da, öwnüp bilerdi, emma Hudaýyň öňünde däl.

[3] Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýip ýazylgydyr.

[4] Haýsydyr bir iş edýän adam öz çeken zähmeti üçin hak alýandyr. Bu peşgeş däldir.

[5] Emma günäkärleri aklaýan Hudaýa iman edýän adam hiç iş etmese-de, iman edýändigi üçin Hudaýyň huzurynda aklanýandyr.

[6] Ine, ýagşy işleri etmese-de, Hudaý tarapyndan aklanan adamy Dawut hem bagtyýar saýyp, şeýle diýýär:

[7] «Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!

[8] Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan adam nähili bagtly!»

[9] Eýsem bu bagtyýarlyk diňe sünnetlilere degişlimidir? Ýa-da sünnetsizlere hem degişlimikä? Ozal aýdyşymyz ýaly, Hudaý Ybraýymyň imany üçin ony dogry hasaplady.

[10] Eger şeýle bolsa, haçan dogruçyl hasaplady? Sünnetlenmänkämi ýa-da sünnetlenenden soň? Ýok, soň däl-de, öň dogruçyl hasaplady!

[11] Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.

[12] Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr.

[13] Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi.

[14] Çünki Musanyň Kanunyny berjaý edýänler dünýäni miras aljak bolsalar, onda iman ähmiýetini ýitirerdi, wadanyň bahasy bolsa kör köpük bolardy.

[15] Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.

[16] -

[17] Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.

[18] Hudaý Ybraýyma «Seniň san-sajaksyz nesliň bolar» diýip aýdypdy. Şonuň üçin-de, Ybraýym köp milletleriň atasy bolmaga hiç umydynyň galmandygyna garamazdan, imany sebäpli umytdan düşmedi.

[19] Ol ýaşynyň ýüze golaýlap, bilinde kuwwatynyň galmandygyna, Saranyň önelgesizdigine garamazdan, imanynda gowşamady.

[20] Hudaýyň beren wadasyna şübhelenip, imansyzlyk etmedi. Tersine, imanda berkäp, Hudaýy şöhratlandyrdy.

[21] Ol Hudaýyň Öz beren wadasynda tapyljakdygyna doly ynandy.

[22] Ine, şeýle imany üçin Hudaý «ony dogry hasaplady».

[23] Bu sözler diňe Ybraýyma degişli däldir.

[24] Bu bize, ýagny Rebbimiz Isa Mesih i ölümden direlden Hudaýa iman edip, dogruçyl hasaplanýanlara hem degişlidir.

[25] Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.

Rimliler — Chapters