[1] Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.
[2] Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.
[3] Şeýdip, ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi.
[4] Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.
[5] Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Bagalpegor butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi.
[6] Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.
[7] Muny gören Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas halkyň arasyndan çykyp, eline naýza aldy.
[8] Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.
[9] Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi.
[10] Reb Musa şeýle diýdi:
[11] «Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.
[12] Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn.
[13] Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».
[14] Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi.
[15] Onuň bilen bile öldürilen aýalyň ady bolsa Suruň gyzy Kozbydy. Sur midýan tiresiniň baştutanlarynyň biridi.
[16] Reb Musa şeýle diýdi:
[17] «Midýanlary indi Ysraýylyň duşmany saýyň, olary gyryň!
[18] Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».