[1] Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy.
[2] Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.
[3] Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy!
[4] Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi?
[5] Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!»
[6] Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi.
[7] Reb Musa şeýle diýdi:
[8] «Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň».
[9] Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy.
[10] Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi.
[11] Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar.
[12] Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.
[13] Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi.
[14] Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.
[15] Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler.
[16] Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.
[17] Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris“».
[18] Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys».
[19] Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler.
[20] Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar.
[21] Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler.
[22] Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi.
[23] Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi:
[24] «Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.
[25] Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar.
[26] Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar».
[27] Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar.
[28] Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler.
[29] Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy.