Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:19

[1] Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.

[2] Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady.

[3] Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.

[4] Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady.

[5] Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy.

[6] Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi.

[7] Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň şekilini çekdi.

[8] Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy bir müň ýigrimi batman sap altyna gaplady.

[9] Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady.

[10] Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady.

[11] Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi.

[12] Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi.

[13] Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular.

[14] Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy, al ýüpeklerden we nepis zygyr matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.

[15] Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy.

[16] Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy.

[17] Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakin diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy.

2 Ýyl ýazgylary — Chapters