Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:08

[1] Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady.

[2] Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi.

[3] Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.

[5] Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapada salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.

[6] Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky seždegähleri we Aşera butlaryny ýok etdi.

[7] Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Abadýany, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi.

[8] Lewilerden Şemagýa, Netanýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýehoram olar bilen gitdiler.

[9] Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.

[10] Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapada garşy uruş etmediler.

[11] Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.

[12] Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy.

[13] Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy.

[14] Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen,

[15] ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen,

[16] ondan soň Zikriniň ogly Emasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen.

[17] Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen,

[18] ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen.

[19] Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.

2 Ýyl ýazgylary — Chapters