Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:55

[1] Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.

[2] Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.

[3] Sebäbi siz Rebbiň ýagşylygyny dadyp gördüňiz.

[4] Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesih e ýakynlaşýarsyňyz.

[5] Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.

[6] Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz».

[7] Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».

[8] Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.

[9] Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.

[10] Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.

[11] Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.

[12] Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.

[13] Siz her bir ynsan häkimiýetine Rebbiň haky üçin tabyn boluň. Ýurduň başy bolan patyşa bolsun

[14] ýa-da onuň bellän emeldarlary bolsun, tapawudy ýok, olara tabyn boluň. Patyşa öz emeldarlaryny ýamanlyk edenleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edenleri taryplamaga belledi.

[15] Sebäbi Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, akylsyz nadanlaryň agzyny ýumdurmagyňyzdyr.

[16] Azat adam ýaly ýaşaň, emma öz azatlygyňyzy erbetlik etmek üçin ulanmaň. Hudaýyň gullary dek ýaşaň.

[17] Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.

[18] Eý, hyzmatkärler, diňe bir mähirli hem ýumşak hojaýynlaryňyza däl-de, eýsem, ýowuz hojaýynlaryňyza-da hormat goýup, tabyn boluň.

[19] Eger kim nähak ýere ejir çekip, Hudaýy tanaýandygy üçin bu görgülere çydaýan bolsa, ol adam Hudaýy hoşnut eder.

[20] Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar.

[21] Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.

[22] «Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».

[23] Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.

[24] Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.

[25] Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.

1 Petrus — Chapters