[1] Isa Mesih iň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!
[2] Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesih e tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!
[3] Rebbimiz Isa Mesih iň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesih iň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.
[4] Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.
[5] Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.
[6] Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,
[7] bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.
[8] Siz Mesih i görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.
[9] Sebäbi imanyňyzyň maksadyna ýetip, janyňyzyň halas bolmagyny gazanýarsyňyz.
[10] Pygamberler siziň üçin taýynlanan bu halas bolmaklyga doly düşünmäge çalyşdylar we bu merhemet dogrusynda öň pygamberlik etdiler.
[11] Olaryň kalbyndaky Mesih iň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.
[12] Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.
[13] Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesih iň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.
[14] Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.
[15] Özüňizi çagyran Hudaýyň mukaddes bolşy ýaly, siz hem ähli edýän işleriňizde mukaddes boluň.
[16] Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýlip ýazylandyr.
[17] Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.
[18] Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.
[19] Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesih iň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.
[20] Mesih dünýä ýaradylmazdan öň bellenen hem bolsa, siziň hatyraňyza bu döwrüň ahyrynda aýan boldy.
[21] Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesih i direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.
[22] Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.
[23] Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.
[24] Çünki: «Ähli ynsan otluk kimindir, onuň bar görki meýdan güli kimindir. Ot gurap gider, güli hem solar,
[25] emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen habar, ine, şudur.