[1] Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?
[2] Ne gözel çarykly aýaklaryň, eý, asylzada gyzy! Butlaryň ökde zergäriň elinden çykan göwher mysaly.
[3] Garyşyk şeraply hiç egsilmez şa käse mysalydyr göbegiň. Garnyň çigildemlere guşanan bugdaý topbagyna meňzeýär.
[4] Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
[5] Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý, gözleriň Batrabbim derwezesiniň ýanyndaky Heşbon howuzlary deý. Burnuň Damaska bakyp duran Liwan diňi deý.
[6] Başyň Karmel dagy deý dik bolup, zülpleriň benewşedir, şa olara bendi boldy.
[7] Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý, eý, mylakatly dildarym!
[8] Boýuň serwi agajyna, göwüsleriň üzüm salkymlaryna meňzeýär.
[9] Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,
[10] Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin. Şerap ýarym üçin aksyn, uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.
[11] Men ýarymyňky, ol maňa maýyl.
[12] Eý, ýarym, giň sähra çykaly, gel; gel, oba gijelerine seýil edeli.
[13] Ir säher üzüm baglaryna gideli, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.
[14] Mandragoralaryň ysy bark urýar, gapymyzda täze hem guradylan dürli saýlama miweler bar, olary seň üçin sakladym, eý, ýarym.