[1] Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.
[2] Edom, Men seni halklaryň arasynda iň pesi ederin sen bütinleý ryswa bolarsyň.
[3] Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.
[4] Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» Muny Reb aýdýandyr.
[5] «Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar? Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy? Eger üzüm bagyňa girseler, saňa-da miweden galdyrmazlarmy? Emma sen nähili weýran bolduň!
[6] Ysaw nesli niçik talandy, onuň hazynasy dörüldi.
[7] Sen bilen salamatlykda ýaşanlar seni aldadylar. Ähli arkadaşlaryň seni serhetden çykardylar. Bile duz iýşen adamlaryň senden rüstem çykdylar. Muny sen aňşyrmadyň».
[8] «Şol gün – Reb diýýär – Men Edomyň akylly adamlaryny we paýhasa düşünýänlerini Ysaw dagynda gyrmanmy?
[9] Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar. Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.
[10] Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.
[11] Kesekiler olaryň emlägini talan gününde, sen kesede durup seretdiň. Gelmişekler derwezeden girende, Iýerusalim üçin bije çekilende, sen-de olaryň biri ýaly bolduň.
[12] Doganyň – Ýahudanyň nesliniň betbagt gününde gülmeli däldiň. Olara bela inen gününde, sen heşelle kakmaly däldiň. Olaryň hasrat gününde magtanmaly däldiň.
[13] Sen Meniň halkyma bela gelen gününde, olaryň derwezesinden girmeli däldiň. Olaryň gyrgynçylyk gününe içiňden begenip seretmek, heläkçilik gününde olaryň emlägine galtaşmak hiç dogry däldi.
[14] Ýoluň çatrygynda durup, gaçan adamlary tutmaly däldiň. Hasrat gününde aman galanlary duşmana bermeli däldiň.
[15] Çünki, Rebbiň ähli milletlere höküm etjek güni golaýlap gelýär. Eý, Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar. Edeniň başyňa düşer.
[16] Çünki, siz, ýahudalar, Meniň mukaddes dagymda içdiňiz. Ähli milletler-de hemişe şeýle içerler we ýuwudyp, asla bolmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi jeza käsesinden içerler.
[17] Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.
[18] Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.
[19] Negep çölüniň halky Ysaw dagyny eýelär. Baýyrlykdaky adamlar piliştlileriň topragyny eýelärler. Olar Efraýym hem Samariýa topragyna çenli ýeterler. Benýamin nesli Gilgady eýelär.
[20] Sürgün edilen ysraýyl söweşijileri Kenganyň Sarepata çenli ýerlerine eýe bolarlar. Iýerusalimden Separada sürgün edilenler Negepdäki galalary eýelärler.
[21] Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».