[1] Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.
[2] Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
[3] Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.
[4] Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.
[5] Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.
[6] Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.
[7] Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.
[8] Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
[9] Eý, ysraýyllar, siz garşydaşlaryňyzy ýeňersiňiz. Ähli duşmanlaryňyz gyrlyp ýok bolar.
[10] Reb diýýär: «Şol gün atlaryňyzy gyraryn, söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn.
[11] Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin, ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.
[12] Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.
[13] Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.
[14] Aşera butlaryny sogrup taşlaryn, galalaryňyzy weýran ederin.
[15] Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».