[1] Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
[3] Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdürýär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda – tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.
[4] Olaryň sypaty atlaryňky deý, bedewler deý hüjüm edýärler.
[5] Olar söweşe taýýar güýçli leşger dek, şöweş arabalarynyň takyrdaýşy dek, samany ýandyrýan ýalnyň şatyrdaýşy dek, dag depelerinden böküp aşýarlar.
[6] Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.
[7] Olar söweşiji deý hüjüm edýärler, esgerler deý dyrmaşýarlar diwara. Hersi barýar öňe öz ugry bilen, sowulmaýar olar öz ýodasyndan.
[8] Iteklemeýärler birek-biregni, ýöreýär öz ýodasyndan her biri. Ähli böwetleri böwsüp geçýärler, olaryň badyny saklap bolmaýar.
[9] Olar şähere tarap okdurylýarlar, diwarlaryň ýüzünden ylgaýarlar, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.
[10] Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.
[11] Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?
[12] Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.
[13] Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.
[14] Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?
[15] Sionda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,
[16] Halky ýygnap, jemagaty tämizläň, ýaşululary hem çagalary, hatda emýän bäbekleri çagyryň. Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan, gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.
[17] Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»
[18] Reb şonda gabandy Öz topragyny hem-de Öz halkyna indi rehimi.
[19] Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.
[20] Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!
[21] Eý, toprak, gorkmagyn, şatlan hem begen. Sebäbi Reb etdi beýik işleri!»
[22] Gorkmaň siz, eý, çöl haýwanlary, sebäbi ýaşyldyr çöl ýaýlalary. Baglar getirýär öz miwesini, zeýtun hem-de üzüm berýär bol hasylyny.
[23] Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
[24] Harmanlar dolar galladan, çelekler hem dolup-daşarlar täze şerap bilen zeýtun ýagyndan.
[25] «Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň öwezini dolaryn.
[26] Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.
[27] Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».
[28] «Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.
[29] Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne, Öz Ruhumy suw kimin dökerin.
[30] Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
[31] Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
[32] Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».