[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[2] «Özüňe aýal alma, bu ýerde ogullaryň, gyzlaryň bolmasyn.
[3] Bu ýurtda doglan ogullar we gyzlar, olary dünýä inderen ene-atalar hakda Men-Reb şeýle diýýärin:
[4] Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.
[5] Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr.
[6] Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.
[7] Ýas tutýany köşeşdirmek üçin hiç kim onuň bilen çörek iýmez. Ene-atasyny ýitirene teselli käsesinden içirmezler.
[8] Meýlis edilýän öýe girme, olar bilen oturma, iýip-içme“.
[9] Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“.
[10] Bu sözleriň ählisini halka ýetireniňde, olar saňa: „Näme üçin Reb biziň üstümizden bu elhenç betbagtlygy inderjegini aýtdyka? Biziň ýazygymyz näme? Hudaýymyz Rebbe garşy biz näme günä etdikkäk?“ diýerler.
[11] Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler.
[12] Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz.
[13] Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.
[14] Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, adamlar gaýdyp ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Rebden ant içýärin diýmezler.
[15] Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“.
[16] Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.
[17] Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz.
[18] Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».
[19] Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.
[20] Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!
[21] «Şonuň üçin hem, Men-Reb bu gezek olara güýjümi we gudratymy hökman görkezerin. Şonda olar Meniň adymyň Rebdigini bilerler».