[1] Isa Mesih iň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesih iň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!
[2] Hudaýy we Rebbimiz Isany tanamakda bol merhemet hem parahatlyk size ýar bolsun!
[3] Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi.
[4] Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.
[5] Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň.
[8] Şu gowy häsiýetler sizde bar bolsa we köpelse, onda siz Rebbimiz Isa Mesih i tanamakda bikär hem hasylsyz galmarsyňyz.
[9] Kimde bu häsiýetler ýok bolsa, ol uzagy görýän däldir, hatda kördür, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr.
[10] Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.
[11] Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesih iň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.
[12] Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn.
[13] Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn.
[14] Sebäbi Rebbimiz Isa Mesih iň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin.
[15] Göçenimden soňam bu zatlary elmydama ýada salmagyňyz üçin jan ederin.
[16] Size Rebbimiz Isa Mesih iň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.
[17] Şan-şöhratly Hudaýdan Oňa: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn» diýen ses gelende, Ogul Atamyz Hudaýdan hormat we şöhrat kabul etdi.
[18] Onuň bilen bile mukaddes dagdakak, gökden gelen bu sesi biz hem eşitdik.
[19] Şeýlelikde, pygamberleriň habary biziň üçin ýene-de ynamdardyr. Tä Gün dogýança we daň ýyldyzy kalbyňyza nur çaýýança, tümlükde ýagty saçýan nur deý oňa üns beriň!
[20] Ozaly bilen şuny bilip goýuň: Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlik sözleri pygamberleriň öz düşünjesinden gelip çykan däldir.
[21] Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.