[1] Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýehowaşyň şalygynyň ikinji ýylynda Ýowaşyň ogly Amazýa Ýahuda patyşa boldy.
[2] Ol patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Iýerusalimden bolup, ady Ýehogadyndy.
[3] Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etse-de, atasy Dawut ýaly däldi. Ol kakasy Ýowaşyň eden işleri ýaly işler etdi.
[4] Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar.
[5] Amazýa öz patyşalygyny kuwwatlandyryp, patyşa wagty kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi.
[6] Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi.
[7] Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.
[8] Onsoň Amazýa Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çaparlar ýollap: «Gel, ýüzbe--ýüz görüşeli» diýdi.
[9] Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy ogluma aýallyga ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka ýandagy depeläpdir.
[10] Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň».
[11] Emma Amazýa muňa gulak asmady. Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz boldy.
[12] Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler.
[13] Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.
[14] Ýehowaş Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altyn-kümşüň, gap-gaçlaryň baryny, bulardan daşary-da ýesir alnan adamlary alyp, Samariýa dolanyp geldi.
[15] Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
[16] Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam patyşa boldy.
[17] Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa Ýehogahazyň ogly bolan Ysraýyl patyşasy Ýehowaş ölenden soňra on bäş ýyl ýaşady.
[18] Amazýanyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
[19] Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.
[20] Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Iýerusalimde Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.
[21] Bütin ýahuda halky Amazýanyň on alty ýaşyndaky ogly Uzyýany kakasy Amazýanyň ýerine patyşa etdi.
[22] Uzyýa kakasy Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Eýlat galasyny täzeden dikeldip, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.
[23] Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi.
[24] Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.
[25] Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi.
[26] Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy.
[27] Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.
[28] Ýarobgamyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi, nähili söweşeni we onuň öň Ýahuda degişli bolan Damasky we Hamaty Ysraýyla gaýtaryp berşi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
[29] Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.