[1] Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.
[2] Sebäbi hakykat kalbymyza ornandyr we ol ebedilik biziň bilen bolar.
[3] Atamyz Hudaýyň we Ogly Isa Mesih iň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy hakykat we söýgi arkaly bize ýar bolsun!
[4] Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr.
[6] Söýgi – bu Hudaýyň buýrugyna görä ýaşamakdan ybarat. Owal-başdan eşidişiňiz ýaly, Hudaý biri-biriňizi söýüp ýaşamagy buýurdy.
[7] Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesih iň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesih iň duşmanydyr.
[8] Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.
[9] Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr.
[10] Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň.
[11] Oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.
[12] Size aýtmaly zatlarym köp, ýöne olary syýa, kagyz bilen ýazasym gelenok. Muňa derek ýanyňyza baryp, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Şonda şatlygymyz dolup-daşar.
[13] Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen uýaňyň çagalary hem size salam ýollaýarlar.