zeno
Create a Station
Explore
Religious
Music
News
Podcasts
Bible
By Genre
By Location
By Language
Download App
Toggle Sidebar
zeno
AÝ/AR
Habarlar gündeligi
Daily News
Turkmen
Bu gepleşikde Türkmenistan we dünýä baradaky syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik hepdäniň bäş gününde, duşenbe-anna günleri aralygynda efire berilýär.
Website
Episodes
250
27 March 2026
Habarlar gündeligi
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
25 min
26 March 2026
Mekdepdäki bahar dynç alyşy döwründe köçelerde işleýän çagalar we dilegçiler köpeldi
Şu günki programmamyzda: Dünýäniň ‘iň geň ýurdy’ syýahatçylykda täze döwre ‘gadam basýar'; Eýran babatyndaky parahatçylyk planlarynyň töweregindäki nämälimligiň arasynda, howa zarbalary dowam edýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
25 March 2026
Prezidentiň 'çykanynyň' Dubaýdan awtoulag getirip bermek wadasyndan aldanan müşderiler arzyny eşitdirmek isleýärler
Şu günki programmamyzda: Häkimiýetler býujetçilere “asmanymyz arassa, döwlet işinden çykmaň” diýýär; Bank hasaplarynyň baglanmagy, 'kölege karz bazary' raýatlary uly töwekgelçiliklere itekleýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
24 March 2026
Uly Berdimuhamedow gazy Hytaýa artdyrmak boýunça 'bilelikdäki işleri' mälim etdi
Şu günki programmamyzda: Tramp Eýran bilen ylalaşyk üçin 'örän çynlakaý mümkinçilik' görýär we energiýa nyşanalaryna hüjümleri yza süýşürýär; Maryda 'pristroýkalar' ýykylýar, Türkmenabatda dükanlar ýumrulýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
23 March 2026
Neşe bilen tutulan Nazir Habibowyň ikinji gezek günä geçişlige düşmegi jemgyýetde “sorag” döretdi
Şu günki programmamyzda: Türkmenistanda özbek wizasy üçin uly nobat saklanýar; Tramp Tähran bilen 'örän oňat' gepleşiklerden soň ABŞ-nyň Eýranyň energiýa nyşanalaryna hüjümleri bes edendigini aýtdy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
20 March 2026
Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi
Şu günki programmamyzda: Tramp Ýakyn Gündogara, mümkinçiliklerini açyk saklamak üçin, goşun ibermek ähtimallygyny seljerýär – media we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
19 March 2026
Pekin Aşgabady ‘gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmäge’ çagyrýar, bilermenler Hytaýa ‘doly garaşly galmak’ howpuny duýdurýar
Şu günki programmamyzda: Ysraýyl demirgazyk Eýrana hüjüm edýär, Pars aýlagy sebitinde energiýa desgalary ýanýar; Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda Aşgabatdaky we Arkadagdaky içerki migrantlar ýene öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
18 March 2026
Balkanda sakgal goýberýänlere, hijab dakynýanlara garşy basyşlar güýçlendirildi
Şu günki programmamyzda: “Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?; Prezidentiň 'bag ekmek dabarasy' ilatdaky lapykeçiligi güýçlendirýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min
17 March 2026
Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"
Şu günki programmamyzda: Gazagystandan Türkmenistana dolanýan raýatlardan neşe boýunça gan barlagy alynýar; Garyp düşen hojalyklar jaýlaryny sarygarynjalardan gorap bilmän kösenýär we beýleki malgumatlarymyzy diňläp bilersiňz.
25 min
16 March 2026
Iş orunlarynyň 'meýilleşdirilýän' kemeltmeleri etniki azlyklaryň wekillerini uly alada goýýar
Şu günki programmamyzda: ABŞ-nyň Ormuz bogazy boýunça gämi gorag koalisiýasyny yglan etmäge ýakyndygy aýdylýar; Lebapda balkanly esgeriň tarpa-taýyn ölmegi bilen bagly derňew geçirilýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
25 min